Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň adyndan wekilçilik edip, Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň Geňeşiniň Prezidiumynyň giňişleýin mejlisine hem-de “Uniwersitetler we geljek” atly halkara forumyna gatnaşdy. Forum 17-nji aprelde M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň “Intellektual merkezinde - MDU-nyň fundamental kitaphanasynda” geçirildi diýip, TDU-nyň resmi saýtynda habar berilýär. Halkara çärä şeýle hem Hytaýyň, Wýetnamyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Liwanyň, Omanyň, Saud Arabystanynyň, Efiopiýanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 100-den gowragyndan wekiller gatnaşdy. Mejlisde M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň rektory, Assosiasiýanyň prezidenti W.Sadowniçiý we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri çykyş etdi. Uniwersitetara hyzmatdaşlygy yzygiderli ýola goýmak, işjeňleşdirmek boýunça hem pikir alşylmak bilen, bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmekde uniwersitetleri birleşdirýän guramalaryň, birleşikleriň, assosiasiýalaryň ornuna aýratyn ähmiýet berildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekili öz çykyşynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, innowasion tehnologiýalar we sanly bilim boýunça tejribe alyşmagyň, medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklary ilerletmegiň ähmiýeti barada nygtap geçdi. Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasy tarapyndan guralan forumyň çäklerinde ylym-bilim babatynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde ýokary bilim edaralarynyň ornuny artdyrmaga gönükdirilen ikitarapalaýyn hem-de köptaraplaýyn birnäçe resminamalara gol çekildi. Şu ýyl Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň döredilenine 35 ýyl dolýar. Ol dünýäniň 11 ýurdundan 160-dan gowrak häzirki zaman uniwersitetlerini özüne birleşdirýär. Magtymguly adyndaky TDU 1992-nji ýyldan bäri Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň agzasy bolup durýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir