Amazonyň Prime Video hyzmaty Endi Weýeriň adybir romany esasynda döredilen “Ave Mariýa” taslamasy” atly täze ylmy-fantastiki filmi yglan etdi. Baş keşbi Raýan Gosling ýerine ýetirip, ol astronawt bolan mekdep mugallymy Raýland Greýsiň keşbinde oýnar diýip, Hypebeast ýazýar. Film ýakyn geljekde boljak wakalar barada gürrüň berer. Greýs kosmos stansiýasynda özüne gelip, kimdigini we nädip ol ýere düşendigini ýadyna salyp bilmeýär. Ýuwaş-ýuwaşdan özüniň Ýerden 12 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän Tau Kita ulgamyna ekspedisiýa iberilendigini aňşyryp başlaýar. Missiýanyň maksady adamzady golaýlap gelýän betbagtçylykdan halas etmegiň ýoluny tapmak. Filme “Lego. Film” we “Möý-adam: Älem içre” filmindäki işleri bilen tanalýan Fil Lord we Kristofer Miller režissýorlyk eder. Filmiň edebi esasyny ýerine ýetiriji prodýuser hem bolup çykyş edýän Drýu Goddard ýazdy. Filmi surata düşürmek işleri 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlar we IMAX formatynda geçer. ““Awe Mariýa” taslamasy”-nyň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylda geçer. Ondan öň Raýan Gosling bilen Margot Robbiniň “Ouşeniň on bir dosty” filminde çykyş etjekdigi mälim bolupdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir