22-nji aprelde dünýäde Ýeriň gününi belläp geçmegiň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň agzalary Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde öýsüz haýwanlara kömek bermek çäresini guradylar. Bu barada News Central Asia portaly ýazýar. ÝB-niň wekilhanasynyň agzalary we meýletinçiler iýmit we derman serişdelerini bermek üçin öýsüz haýwanlaryň saklanýan 3 sany ýerinde boldular we bütin güni haýwanlara ideg etmek arkaly geçirdiler. «Biz Türkmenistandaky öýsüz haýwanlara höwes bilen ýardam berýäris, sebäbi bu olara maşgala edinmekde uly ýardam bolar. Meýletinçilere görkezýän tutanýerlilikleri, yhlasy we ähli jandarlar üçin has gowy durmuşy döretmek boýunça köpçülikleýin hereketleri hem-de beýleki ýardamlary üçin aýratyn sagbolsun aýdýarys» – diýip, ÝB-niň işleri wagtlaýyn ynanylan wekil Renata Wrobel belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir