Türkmenistanyň wekiliýeti 22-26-njy apreli aralygynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (ESCAP) 80-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Bangkok şäherinde iş saparynda bolýar diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler. Şu gezekki mejlis «Durnukly ösüş üçin Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde sanly innowasiýalary ulanmak» temasy boýunça geçirilýär we sanly innowasiýa boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Mejlisiň işine Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň wekilleri we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar gatnaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir