19-21-nji aprelde Bakuwda Azerbaýjandan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Bosniýa we Gersegowinadan hem beýleki ýurtlardan kardiologiýa ugry boýunça ýöriteleşen ylmy we lukmançylyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda türki döwletleriň birinji Kardiologiki kongresi geçirildi. Bu barada Azertaj habar berýär. Kongres Azerbaýjanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Kardiologiýa ylmy-gözleg instituty tarapyndan geçirildi. Bu çäre türki ýurtlaryň professional lukmançylyk jemgyýetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin esas bolup hyzmat eder. Forumyň açylyşynda kongresi her ýyl we nobat bilen türki dünýäsiniň her ýurdunda geçirmek teklip edildi. Bakuwda kongresiň çäklerinde täze lukmançylyk tehnologiýalaryny we esasy lukmançylyk üstünliklerini ulanmagyň amaly taraplaryna bagyşlanan umumy we seksion mejlisler, kliniki diskussiýalar we täze kliniki gözlegler boýunça maslahatlar geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir