Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift “The Tortured Poets Department” ady bilen täze studiýa albomyny çykardy. Albom pop-ýyldyzynyň diskografiýasynda 11-nji boldy we ol iki bölekden durýar. Aýdymçy albomyň relizi barada Instagram-da habar berdi diýip, RBK ýazýar. Ýygyndy “Down Bad”, “Fresh Out The Slammer”, “The Alchemy” we “So Long, London” ýaly 30-dan gowrak aýdymy öz içine aldy. Şeýle-de, ýygyndyda Post Malone (Fortnight) we Florence and the Machine (Florida!!!) bilen bilelikdäki aýdymlar bar. Aýdymçy täze albomyny “Midnights” atly öňki albomy çykanyndan 18 aý soň çykardy. Hut şu ýygyndy aýdymça “Ýylyň albomy” nominasiýasynda dördünji “Gremmi” baýragyny getirdi. Hiç bir artist bu kategoriýada şunça gezek ýeňiş gazanmandy. 2022-nji ýylyň güýzünde “Midnights” Spotify striming hyzmatynyň taryhynda bir günde iň köp diňlenen albom boldy – ol 185 million gezekden gowrak diňlenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir