2024-nji ýylda Ýerden 3 müň ýagtylyk ýyly aralygynda ýerleşýän ýyldyzyň partlamasy bolup geçer. Bu barada NASA-nyň Daşky gurşaw edarasynyň ýolbaşçysy Bill Kuk Fox News Digital-a habar berdi. Onuň partlamasy müňýyllykda bir gezek partlaýan beýleki täze ýyldyzlardan tapawutlylykda, takmynan, 80 ýylda bir gezek bolup geçýär. Kukuň aýtmagyna görä, astronomlar hadysanyň takyk wagtyny aýdyp bilmeýärler, ýöne ony “adaty göz bilen görüp bolar”. Bu hadysa birnäçe gün dowam eder, şondan soň “köşeşer”. Gürrüň Demirgazyk täç ýyldyzlar toplumyndaky “lowlaýan ýyldyz” (Blaze Star) adyny alan T Coronae Borealis ýyldyzy barada gidýär. Ol eýýäm iki gezek partlady: 1866-njy ýylyň 12-nji maýynda we 1946-njy ýylyň 9-njy fewralynda. Kuk onuň partlamasynyň, takmynan, her 80 ýyldan bolup geçýändigini belledi. Ol bu ýyldyzyň ýagtylygyny Polýar ýyldyzy bilen deňeşdirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir