Huawei kompaniýasy foto düşürişe gönükdirilen täze Pura 70 flagman smartfonlaryny resmi taýdan hödürledi. Hatara dört model girýär: Pura 70, Pura 70 Pro, Pura 70 Pro+ we Pura 70 Ultra diýip, Gizmochina ýazýar. Pura 70 Pro+ we Pura 70 Ultra smartfonlarynyň ýüregi Kirin 9000-üň täzelenen wersiýasy Kirin 9010 çipseti boldy. Bu iki modeliň esasy aýratynlygy özboluşly kamera ulgamydyr, ol mehaniki taýdan aýlanýan teleskopik linzaly 1 dýuýmlyk 50 Mp sensor bilen üpjün edildi. Innowasion tehnologiýa kamera korpusyň içinde giňelmäge we gysylmaga mümkinçilik berip, optiki zumy we ýokary şekil aýdyňlygyny üpjün edýär. Şeýle-de, esasy kamera f/1,6-dan f/4,0-a çenli aralykda üýtgeýän diafragmany goldaýar we surata düşürişi durnuklaşdyrmak üçin titremeden gorag tehnologiýasyny özünde jemleýär. Pura 70 Pro+ hem şol bir esasy kamera eýe boldy, ýöne öňe çykýan linzasyz. Smartfonlaryň ikisi-de 120 Gs çenli täzelenme ýygylygy bilen 6,8 dýuýmlyk OLED displeýi LTPO, 5050 mAs (Pro+) ýa-da 5200 mAs (Ultra) sygymly akkumulýator, 100 Wt simli zarýad beriş we 80 Wt simsiz zarýad beriş mümkinçiligi bilen üpjün edildi. Pura 70 Pro+ we Pura 70 Ultra Harmony OS 4.2-de işleýär we 5G, Wi-Fi 6, Bluetooth 5.2, NFC, hemra jaňlary ýaly giň funksiýalar toplumyny hödürleýär. Bahalar: ·Huawei Pura 70 Ultra: 16 GB + 512 GB – 9999 ýuan ($1 381), 16 GB + 1 TB – 10 999 ýuan ($1 519). ·Huawei Pura 70 Pro+: 16 GB + 512 GB – 7999 ýuan ($1 105), 16 GB + 1 TB – 8999 ýuan ($1 243). Smartfonlar Hytaýda satyn almak üçin elýeterlidir. Beýleki sebitlerdäki satuwlar barada heniz maglumat ýok.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir