Netflix akym hyzmaty şu ýyla meýilleşdirilýän öz meşhur seriallarynyň dowamynyň relizini yglan etdi. Hususan-da, platformanyň başlygy Ted Sarandos Günorta Koreýanyň “Kalmar oýny” dramasynyň köpden bäri garaşylýan ikinji möwsüminiň 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda başlajakdygyny aýtdy diýip, THR ýazýar. “Kalmar oýnunyň” 2021-nji ýylyň güýzünde çykandygyny we Netflix-iň taryhynda iň meşhur tomaşa bolandygyny ýatladýarys. Bu tomaşa uly pul baýragy üçin ölüm howply oýunlara gatnaşýan adamlar topary hakda gürrüň berýär. 2023-nji ýylda serialyň şowly bolmagyndan soň Netflix “Kalmar oýny: Çagyryş” reality-tomaşany çykardy. Şeýle hem, Netflix 2024-nji ýylyň ahyryna çenli “Pariždäki Emili”, “Kobra Kaý”, “Gijeki agent” we “Monster” ýaly seriýalarynyň täze möwsümleri bilen janköýerleri begendirer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir