Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty innowasion tehnologiýalar arkaly bedenterbiýäni we sporty ylmy esasda öwrenmek boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçiren internet olimpiadasynyň netijelerini yglan etdi. Internet olimpiadasy 15-nji aprelde geçirilip, oňa Türkmenistanyň 12 sany ýokary okuw mekdebinden jemi 81 talyp gatnaşdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça 4 talyp birinji orna, 4 talyp II orna, 4 talyp III orna mynasyp boldy. Bäsleşikde ýeňiş gazanan talyplaryň atlary, olimpiadanyň netijeleri bilen tanyşmak üçin şu salga basyň. «Ýaşlarymyz geljege uly ynam bilen, sportda ösüşler sanly ulgam bilen» at bilen geçirilen internet olimpiada innowasion tehnologiýalar arkaly bedenterbiýäni we sporty ylmy esasda öwrenmeklige, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmeklige, ýaşlar barada döwlet syýasatyny, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmeklige bagyşlandy. Bäsleşik institutda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň meýilnamasy esasynda eýýäm 4-nji gezek geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir