18-20-nji aprel aralygynda Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde ýangyn amaly sport bäsleşigiň 2024-nji ýyldaky döwlet derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinden deslapky bäsleşiklerde ýeňiji bolan, her biri bäş adamdan ybarat ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň jemi 7-si gatnaşdylar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Türkmenistanyň Içeri işler we Bilim ministrlikleriniň bilelikde guramaklarynda ýaş nesillerde watansöýüjilik, maksadaokgunlylyk, merdanalyk häsiýetlerini has-da kämilleşdirmek, döwlet we şahsy emläkleri gözüň göreji ýaly gorap saklamak, bu ugurda ýangyn söndürmek endiklerini ele almak ýaly wajyp häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň arasynda ýangyn amaly sport bäsleşigi yzygiderli geçirilýär. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ähli ýerinden mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklaryny üpjün etmek maksady bilen etraplarda we welaýatlarda deslapky bäsleşikler geçirilýär hem-de ýeňiji bolan topar, onuň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmaklyga hukuk gazanýar. Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň şahsy düzüminiň hem-de bäsleşige gatnaşyjy toparlaryň tolgundyryjy pursatlara baý bolan dabaraly ýörişinden soňra, ýaryşlara badalga berildi. Bäsleşikde her biri bäş adamdan ybarat bolan toparlar iki görnüş – ýangyn söndüriji enjamlary ulanmak arkaly 100 metr päsgelçilikli aralyga ylgamak, şeýle hem estafeta ylgawy – ýangyn söndüriji enjamlary ýüzugruna ulanyp, 400 metr päsgelçilikli aralygy geçmek boýunça özara bäsleşdiler. Ýaryşlaryň örän gyzykly, ýokary bäsleşik derejesinde geçmekligi, öňa gatnaşyjylaryň bu çärä ykjam taýýarlykly gelendiklerini, ýangyn söndürmegiň ilkinji endiklerini kämil ele alandyklaryny görkezdi. Ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň döwlet bäsleşigine tomaşa etmäge gelen müňlerçe jänköýerleriň şatlyk şowhuny astynda örän täsirli geçen ýaryşyň jemi boýunça Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 24-nji orta mekdebiň ýaş ýangyn söndürijiler topary 1-nji orna hem-de ýaryşyň göçme kubogyna mynasyp bolmaklygy başardylar. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 17-nji, şeýle hem Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdepleriň toparlary hem degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolmaklygy başardylar. Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden toparlaryň ählisine hem dabaraly ýagdaýda ýörite diplomlar, jemgýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir