Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşi (IFAB) derwezebanyň topy oýna girizmekde wagty egländigi üçin berilýän jezany üýtgedip biler. Bu barada ESPN-e salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. Häzirki wagtda derwezeban topy alty sekuntdan köp saklasa, şol pursat derwezebanyň duran ýerinden erkin urgy jezasy bellenilýär. Ýöne eminler bu düzgün bozulma üçin oýunçylara sanksiýalary ulanmaýar diýen ýaly, çünki olar muny topa eýeçilik edýän topara gatnaşykda agyr jeza hasaplaýarlar. IFAB indi derwezebanyň topy elinde sekiz sekunt saklamagyna rugsat bermegi we eminiň bellenilen wagty sanap başlamagyny göz öňünde tutýar, ýöne soňky bäş sekunty ol elini ýokary galdyryp sanamaly bolar. Ilkibaşda oýunça dilden duýduryş berler, ýöne eger derwezeban ikinji gezek hem topy wagtynda oýna girizmese, emin burçdan urgyny ýa-da penalti nokady bilen bir hatarda aut bellär. Wariantlaryň ikisi-de 2024/25-möwsüminiň dowamynda pes derejeli dürli çempionatlarda synagdan geçiriler, şondan soň 2025-nji ýylyň ahyrynda gutarnykly çözgüt çykarylar, üýtgetmeler düzgüne 2026/27-möwsüminden girizilip bilner.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir