Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyna taýýarlyk görülýär. Bu sene mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan weteranlara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda asylly däbe eýerilip, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň gahrymançylygy hem-de uruş ýyllarynda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligi hormatlanyp, Ýeňiş güni mynasybetli olara Prezidentiň adyndan dabaraly ýagdaýda pul serişdeleri we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gahrymançylygyň we zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezen uruş we zähmet weteranlary üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Olar ýaş nesillerimizde watançylyk, gaýduwsyzlyk we edermenlik ýaly belent duýgulary terbiýeleýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurdumyzda zähmet çeken enelerimize 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, Ýeňiş güni bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir