Motorola flagman Edge 50 Ultra smartfonyny hödürledi. Täze önüm diňe bir Snapdragon 8s Gen 3 çipsete we kuwwatly kamera eýe bolman, eýsem, gelşikli dizaýny bilen hem tapawutlanýar diýip, GSMArena.com neşiri ýazýar. Smartfonyň wersiýalarynyň biriniň korpusy reňki we galtaşygy boýunça açyk reňkli agaja çalym edýär. Beýleki iki - goýy çal we şetdaly reňk görnüşi eko deriden. Şetdaly reňki Pantone instituty bilen bilelikde işlenip düzüldi we ol 2024-nji ýylyň esasy reňkidir. Moto Edge 50 Ultra 144Hz täzeleniş tizlikli 6,7 dýuýmlyk P-OLED ekrany enjamlaşdyrylan. Smartfon Snapdragon 8s Gen 3 çipset bilen işleýär we onuň 12/16 GB RAM-y we 512 GB / 1 TB içerki ýady bar. Esasy kamerasy üç moduldan ybarat: 50 MP (esasy), 50 MP (ultra giň burçly) we 64 MP (3x optiki ýakynlaşdyrmaly teleobýektiw). Kameralar sekuntda 60 kadr tizlikli 4K wideony ýazga alyp biler. Öňki kameranyň durulygy 50 megapiksel. 4500 mAh-ly batareýa 125W çalt zarýad bermegi goldaýar. Moto Edge 50 Ultra Hello UX bilen Android 14-de işleýär. Smartfon IP68 standartyna laýyklykda suwdan we tozandan goralýar. Täze önümiň bahasy 999 ýewro. Satuwy ýakyn hepdelerde Aziýada, Ýewropada we Latyn Amerikasynda başlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir