20-nji aprelde 5:10-da (Aşg.) bitkoiniň hasap boýunça dördünji halwingi bolup geçdi. Her halwingde maýnerleriň blok sylagy hökmünde alýan bitkoinleriniň sany iki esse azalýar: bu sylagyň möçberi nobatdaky gezek iki esse azaldy – 6,25-den 3,125 BTC çenli (häzirki hümmet boýunça, takmynan, 200 müň dollar). Halwing – her 210 000 blokdan (takmynan, 4 ýylda bir gezek) bolup geçýän bitkoiniň koduna girizilen hadysadyr. Onuň maksady bitkoinleriň umumy sanyny 21 mln bilen çäklendirmekden we kem-kemden kriptowalýutany has az etmekden ybarat. Bu, öz gezeginde, sanly walýuta hökmünde bitkoiniň gymmatyny we uzak möhletleýin durnuklylygyny saklamaga mümkinçilik berýär. Şoňa laýyklykda, şu ýyl waka 840 000-nji blokda bolup geçdi. Indiki blogy (840 001) alýan maýner baýrak hökmünde 6,25 däl-de, 3,125 bitkoin alar. Her gezek halwingden soň bitkoiniň bahasy öňküsinden ençeme esse ýokarlanýar. Şeýlelikde. 2013-nji ýylyň ahyrynda, birinji halwingden, takmynan, bir ýyl soň bitkoin 1200 dollar bellige ýetdi. 2017-nji ýylyň ahyrynda, baha bitkoin üçin 20 müň dollar boldy, 2021-nji ýylyň ahyrynda bolsa bitkoin 69 müň dollara ýetdi. 2024-nji ýylda bitkoin ilkinji gezek halwingden öň öňki maksimumdan ýokary boldy, mart aýynda BTC-niň bahasy 73 müň dollara çenli ýokarlandy. Halwing wagty bitkoin 1,16 trln dollar kapitalizasiýa bilen 64 müň dollardan satyldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir