Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýyladyşhanalaryň we ýyladyşhana hojalyklarynyň gurnalyşyna we ulanylyşyna bildirilýän Döwlet sanitariýa kadalaryny tassyklady. Degişli Buýruk Adalat ministrliginiň hukuk maglumatlar portalynda çap edildi. Bu Kadalar: ýyladyşhanalaryň ýerleşdiriljek çäklerine; ýyladyş we howa çalyşma ulgamlaryna; suw we lagym üpjünçilik ulgamlaryna; pestisidleri (awuly himikatlary), ösümlikleriň biologik gorag serişdelerini we mineral dökünleri ulanmak bilen bagly işleriň geçirilmegine; işgärleriniň goraglylygyna; önümçiliginde işiň tertibini kadalaşdyrmaga (optimizasiýa); hojalyk-durmuş hyzmatlarynyň gurnalyşyna; daşky gurşawy goramaga; işgärlere lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge bildirilýän talaplary kesgitleýär. Resminamada bellenilişi ýaly, ýyladyşhanalar gurnalanda şu aşakdaky talaplar berjaý edilmelidir: ýyladyşhanalar ýeriň relýefine görä ilatly ýerleriň derejesinden aşakda, ýeliň aşak akym ugrunda ýerleşdirilmelidir; ýyladyşhanalar ýer üsti we ýerasty suw çeşmeleriniň sanitariýa-gorag zolaklarynyň ölçeglerini berjaý etmek bilen ýerleşdirilmelidir; ýyladyşhanalaryň gurnalýan ýerlerinde ýerasty zeý suwlaryň ýatyş derejesi ýeriň üstki böleginden azyndan - 1,5 metr aşakda bolmalydyr. Resminama Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde döwlet belligine alyndy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir