Logitech kompaniýasy çat-boty çagyrmak üçin düwmesi bolan kompýuter syçanjygyny tanyşdyrdy. Bu barada The Verge habar berýär. Signature AI Edition M750 syçanjygyny synagdan geçiren žurnalistler enjamyň wirtual kömekçi çagyrmak üçin goşmaça düwmesiniň bardygyny aýtdylar. Onda emeli aň (AI) gurallary bilen işlemek üçin döredilen Logi AI Prompt Builder programmasyny çalt işe girizmek bolýar. Düwmä basyp, wirtual kömekçi – ChatGPT ýa-da başga bir hyzmat bilen gepleşik penjiresi peýda bolýar. Žurnalistler tekstiň abzasyny üýtgetmek, gysgaltmak ýa-da gaýtadan ýazmak üçin kömekçini çagyrmak buýrugyny ulanandyklaryny aýtdylar. Syçanjygyň bahasy 50 dollar. Häzirki wagtda Prompt Builder kömekçi programmasy iňlis dilinde işleýär we diňe ChatGPT çat-botyny düzmäge mümkinçilik berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir