Binance kriptowalýuta biržasy Dubaýda doly VASP kriptowalýuta ygtyýarnamasyny aldy diýip, Bloomberg habar berýär. Ygtyýarnama wirtual we fiat walýutalaryny alyş-çalyş etmek, kriptografik walýutalary saklamak we dolandyrmak ýaly, wirtual aktiwler bilen dürli amallary amala aşyrmaga hukuk berýär. Dubaýyň düzgünleşdirijisi ygtyýarnamalary diňe Binance-yň şärikdeş esaslandyryjysy Çangpeng Çžao ýerli guramada ses bermek hukugyndan ýüz öwreninden soň berdi. Ol öz hukuklaryny ýerli Binance FZE bölümine geçirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir