Ýaponiýa şu ýylyň awgust aýynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen geçiriljek sammite taýýarlyk görüp başlady. Bu barada Kyodo agentligine salgylanyp, TASS habar berýär. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Ýaponiýanyň gatnaşmagyndaky sammit, ähtimal, Gazagystanda geçiriler. Takyk meýilnama gijräk tassyklanar. Ýaponiýadan premýer-ministr Fumio Kisida gatnaşar. Taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler. 2024-nji ýylda Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky diplomatiki edaralaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen dialogyň 20 ýyllygy bellenilýär. Sammitiň sebitleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde täze ädim bolmagyna garaşylýar. Ýatlap geçsek, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan bilen Ýaponiýa karbonsyzlaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlygy öz içine alýan özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir