Niderlandlaryň paýtagty köpçülikleýin syýahatçylyga garşy göreşmegiň adaty bolmadyk usulyny tapdy. Onuň çäklerinde şäher administrasiýasy şäheriň içinde täze myhmanhanalaryň gurulmagyna gadaganlyk girizdi. Degişli habar şäher häkimliginiň saýtynda peýda boldy diýip, RBK ýazýar. “Biziň maksadymyz – şäheri onuň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ýaşaýşy üçin rahat etmek we saklamak” – diýlip, habarda aýdylýar. Täze gadaganlyk eýýäm gurluşyk üçin rugsat alan myhmanhanalara degişli däldir. Şeýle-de, ýerli häkimiýetler myhmanhanalarda syýahatçylaryň gijelerine galmalarynyň sanyna çäklendirme girizdi – ýylda 20 mln çenli. Amsterdamda täze myhmanhanalaryň gurluşygyna diňe käbir ýagdaýlarda rugsat berilýär. Birinjiden, eger köne myhmanhanalaryň biri ýapylsa, ikinjiden, eger täze myhmanhana käbir görkezijiler boýunça has gowy bolsa – mysal üçin, has döwrebap ýa-da ekologiýa taýdan arassa bolsa. Üçünjiden, eger gurluşyk Amsterdamyň taryhy merkeziniň çäklerinden daşary meýilleşdirilse, rugsat berilýär. 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Amsterdamyň häkimiýetiniň syýahatçylyk salgydyny artdyrjakdygy belli boldy. 2024-nji ýyldan ol myhmanhana otagynyň bahasynyň 7%-inden 12,5%-ine çenli ýokarlanar. Şeýle-de, Amsterdamyň portunda durýan kruiz gämileriniň ýolagçylary üçin salgyt adam başyna 8 ýewrodan 11 ýewro çenli ýokarlanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir