Hytaýyň durmuş elektronikasyny öndüriji kompaniýasy TCL neýroulgamlaryň kömegi bilen döredilen ilkinji filmi anons etdi. Bu “Indiki duralga Pariž” atly gysga metražly romantiki komediýadyr diýip, daily.afisha.ru habar berýär. Internet torunda filmiň eýýäm ilkinji treýleri peýda boldy we onda neýroulgamlaryň giňden ýaýran ýalňyşlyklaryny görmek bolýar. Adam ýüzleri gorkunç we hakyky däl görünýär (aýratynam, mimika gezek gelende), peýzažlar bolsa ýoýulan. Bu treýler eýýäm 117 müň tomaşa ýygnady. Film öz toýunda söýgülisi tarapyndan taşlanan gyz barada gürrüň berer. Şondan soň ol Pariže ýeke gitmek kararyna gelýär we otluda nätanyş bir adam bilen tanyşýar. Soňlugy bilen olaryň söýgi hekaýasy gülleýär. Tom’s Hardware neşiriniň pikiriçe, bu film çynlakaý reliz däl-de, has dogrusy, marketing usuly bolmaly. TCL işiň dowamynda filmiň hilini gowulandyrmaga wada berdi. Komediýanyň premýerasynyň 2024-nji ýylyň tomsunda bolmagyna garaşylýar. Ol täze açylan TCLtv+ striming hyzmatynda görkeziler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir