“Russiýanyň demir ýollary” (RŽD) Türkmenistanyň demir ýollarynyň elektrikleşdirilmegine ýardam etmäge taýýar. Bu barada “RŽD” AGPJ-niň baş müdiriniň orunbasary Wýaçeslaw Pawlowskiniň sözlerine salgylanyp, TASS ýazýar. Pawlowskiniň aýtmagyna görä, taraplar Gyzylarbatdaky wagon abatlaýyş zawodynyň durkunyň täzelenmegi barada hem ylalaşdylar. Ol 2023-nji ýylda “RŽD” bilen “Türkmendemirýollarynyň” 2023 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy ösdürmek maksatnamasyna gol çekendigini ýatlap geçdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde eýýäm häzir Akýaýla – Inçe-burun türkmen-eýran serhet geçelgesiniň üsti bilen “Demirgazyk – Günorta” ugry boýunça aýda 4 konteýner otlusy gatnaýar. Şeýle-de, “RŽD” öz Korporatiw uniwersitetinde türkmen demirýolçularyny taýýarlamagy meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir