ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň gözlegleri dolandyryş gullugy (NASA) Saturnyň iň uly hemrasy bolan Titana Dragonfly missiýasynyň ugradylmagyny tassyklady diýip, Naked Science habar berýär. Pilotsyz dikuçar görnüşindäki bu enjam dykyz atmosfera we uglewodorod gorlaryna baý bu asman jisiminden ýaşaýyş alamatlaryny gözlär. Ilkibaşda Dragonfly-y 2026-njy ýylda uçurmak meýilleşdirilipdi, ýöne COVID-19 pandemiýasy we çykdajylaryň aşa köp bolmagy sebäpli yza süýşürildi. Uçuryşy amala aşyrmak indi 2028-nji ýylyň iýulynda meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda inženerler enjamyň taslamasyny tamamlap barýarlar, şondan soň ylmy gurallary gurarlar we synagdan geçirerler. Dragonfly (“Teneçir”) sekiz rotor bilen enjamlaşdyrylan we uly kwadrokoptere meňzeýär. Ol 2034-nji ýylda Titan-a gonar we birnäçe ýyllap hemranyň üstüni, atmosferasyny we ýerasty ummanlaryny öwrener. Alymlar durmuşyň esasy gurluşyk bölegi bolup biljek çylşyrymly organiki molekulalaryň tapylmagyna örän uly gyzyklanma bildirýärler. Gonmak üçin Şangri-La sebiti saýlandy. Ol ýer Titanyň ekwator zolagyndadaky, hemranyň atmosferasyndan çöken çylşyrymly uglewodorod zerrelerinden ybarat çäge aňňatlary bilen örtülen giň düzlük.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir