ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we aýaly Jill 2023-nji ýylda 620 müň dollar gazandylar. Bu barada salgyt jarnamalaryna salgylanyp, Ak öý habar berýär. Bu mukdardan olar 23,7% goýum bilen 146,6 müň dollar möçberde federal girdeji salgydyny tölediler. Takmynan, 30,9 müň dollary öýleriniň ýerleşýän Delawer ştatynda salgyt hökmünde tölediler. Şeýle-de, Jill Baýden Wirjiniýada 3,5 müň dollar möçberde salgyt töledi. Geçen ýyl Baýdenler 17 sany dürli haýyr-sahawat gaznasyna 20 müň dollar berdiler. 2022-nji ýylda maşgalanyň ýyllyk girdejisi 579,5 müň dollar bolupdy. Bloomberg-iň belleýşi ýaly, 2023-nji ýylda girdejiniň artmagy Demirgazyk Wirjiniýanyň Jemgyýetçilik kollejiniň professory Jill Baýdeniň zähmet hakynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de, girdejiler sosial üpjünçilik boýunça pul kömeginiň artmagynyň hasabyna ýokarlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir