18-nji aprelde Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýa (oturýan ýeri Moskwa ş.) Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ynanç hatyny gowşurdy. Türkmenistanyň Mejlisiniň saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda ilçi ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Diplomata ýurdumyzyň hukuk binýadyny toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäklerinde Mejlisiň alyp barýan işi we düzümi barada gürrüň berildi. Özara düşünişmegi, ynanyşmagy pugtalandyrmak, netijeli döwletara dialogy giňeltmek maksady bilen, ysnyşykly parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi. Şol gün ilçi şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen duşuşdy. Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar abraýly sebitleýin we halkara guramalaryň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini, şol sanda halkara işlerine we başlangyçlaryna özara goldawyň ähmiýetini bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir