“Şäherleriň ýagysy” diýen at bilen tanalýan Asteroid 2013 NK4 Ýer bilen Aýyň arasyndaky daşlykdan sekiz esse uly aralykdan planetamyza golaý uçup geçdi. Hi-Tech neşiriniň ýazmagyna görä, 15-17-nji aprel aralygynda asteroide höwesjeň teleskoplaryň kömegi bilen hem syn edip bolandygy aýdylýar. 16-njy aprelde asteroid sagatda takmynan 59 000 km tizlik bilen Ýeriň üstünden uçup geçdi. Asmanda obýekti TheSkyLive.com saýtynyň kömegi bilen yzarlap bolar. Diametri takmynan 600 metre barabar bolan Asteroid 2013 NK4 2029-njy ýylda Ýere ýakynlaşjak “bulam-bujarlygyň hudaýy” - asteroid Apofisden iki esse uludyr. 2013 NK4 gönüden-göni howply bolmasa-da, onuň ululygy we uçuş ýoly ony howply obýekt hökmünde kesgitleýär. Alymlar radioteleskoplar arkaly asteroidi ünsli yzarlaýarlar. Onuň formasyny we ölçeglerini has takyk kesgitlemäge kömek etjek, gijikdirilen Doppler şekillerini goşmak bilen, ýakyn wagtda goşmaça gözlegleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir