Ýaponiýanyň Ghibli animasion studiýasy 77-nji Kann kinofestiwalynyň hormatly “Altyn palma şahasyny” alar. Bu barada film.ru habar berýär. Festiwalyň taryhynda ilkinji gezek hormatly baýrak diňe bir adama däl-de, tutuş topara gowşurylar. 1985-nji ýylda Tokioda multiplikatorlar Haýao Miýadzaki (“Ruhlar bilen äkidilen”, “Ýöreýän gala”; «Унесенные призраками», «Ходячий замок») we Isao Takahata (“Şa gyzy Kaguýa hakynda erteki”, «Сказание о принцессе Кагуя») tarapyndan döredilen Ghibli studiýasy bütin dünýäde dürli ýaşdaky tomaşaçylaryň göwnünden turan köp sanly animasiýalary hödürledi. Studiýanyň soňky filmi iň gowy animasion film üçin “Oskar” baýragyny alan we dünýä prokatynda 162 mln dollar gazanan Miýadzakiniň “Oglan we guş” («Мальчик и птица») multfilmi boldy. Ghibli-den başga-da, hormatly “Altyn palma şahasy” bilen “Ýyldyz söweşijilerini” («Звездные войны») dörediji Jorj Lukas sylaglanar. 77-nji Kann kinofestiwaly 2024-nji ýylyň 14-nji maýyndan 25-nji maýy aralygynda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir