21-nji aprelde “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde Begenç Çaryýewiň konserti, şeýle hem çagalar üçin ýörite taýýarlanylan kitap şüweleňi geçiriler. Şüweleň sagat 17:00-da başlanar. Çäräni Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Mahabat” müdirligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, B. Amanow adyndaky çagalar kitaphanasy, Türkmen döwlet gurjak teatry, Türkmenistanyň döwlet sirki bilelikde geçirýär. Çäräniň dowamynda SMS bäsleşigi geçiriler we ýeňiji bolan ildeşlerimize “Ynamly emläk” hususy kärhanasy, “Bilim nokady” okuw merkezi, Beletfilm, “Röwşen” aýakgap hususy kärhanasy tarapyndan sowgatlar gowşurylar. “Türkmenistan” kinokonsert merkeziniň telefon belgileri: 492658; +99362 00-31-21.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir