2024-nji ýyl möwsüminiň “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň bäşinji tapgyry – Hytaýyň Gran-prisi anna güni başlaýar. Bu tapgyr çempionatda sprinter ýaryşyny öz içine alýan ilkinji tapgyr bolar. 2024-nji ýylda şeýle Gran-prileriň sany jemi alty bolar. Häzirki çempionatda sprintli ýaryş uik-endiniň formatyna sähel üýtgeşmeler girizildi. Anna güni sprint ýaryşy üçin kwalifikasiýa geçiriler, şenbe güni ilki 100 km aralyga ýaryş bolar, şondan soň ýekşenbe günündäki esasy ýaryş üçin kwalifikasiýa geçer. Sprint üçin utuk hasaplaýyş ulgamy öňküligine galdy, olary ilkinji sekiz sürüji alar: ýeňiji sekiz bal, sekizinji bolup gelen bir bal gazanar. Hytaýyň Gran-prisi 2019-njy ýyldan bäri ilkinji gezek geçiriler, geçen dört möwsümde tapgyr koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyryldy. Anna güni erkin tejribe (Aşg. 08:30) we sprint ýaryşy üçin saýlama (12:30) geçirilýär. Şenbe güni sprint (Aşg. 08:00) we kwalifikasiýa (12:00) geçiriler. Tapgyryň maksatnamasy ýekşenbe güni esasy ýaryş bilen tamamlanar (Aşg. 12:00).

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir