Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji bölüm 14-nji bölüm 15-nji bölüm 16-njy bölüm 17-nji bölüm 18-nji bölüm 19-njy bölüm 20-nji bölüm 21-nji bölüm 22-nji bölüm 23-nji bölüm 24-nji bölüm 25-nji bölüm 26-njy bölüm 27-nji bölüm 28-nji bölüm 29-njy bölüm 30-njy bölüm 31-nji bölüm 32-nji bölüm 33-nji bölüm 34-nji bölüm 35-nji bölüm 36-njy bölüm 37-nji bölüm 38-nji bölüm 39-njy bölüm 40-njy bölüm 41-nji bölüm 42-nji bölüm 43-nji bölüm 44-nji bölüm 45-nji bölüm 46-njy bölüm 47-nji bölüm 48-nji bölüm 49-njy bölüm 50-nji bölüm 51-nji bölüm 52-nji bölüm 53-nji bölüm 54-nji bölüm Prinsipleriňize wepaly bolmak bilen, siz şowhun-biznesinde, metbugatda, söwdada, syýasatda, sportda, işewürlikde, önümçilikde, umuman, beýleki ulgamlaryň her birinde üstünlik gazanyp bilersiňiz. Munuň üçin «satylmagyň» asla zerurlygy ýokdur. Men size hemişe we hemmelere, hatda özüňize hem elmydama dogruçyl garamagyňyza kömek edip biljek käbir maslahatlary berjek. Bu düzgünleri ýerine ýetiriň — şonda wyždanyňyza ters gelýän işleri etmeli bolmaz. Dogruçyllygy, düzgün-tertipliligi nädip saklap bolar: 1. Abraýyňyzy goraň. 2. Iş salyşjak adamlaryňyzy tanaň. 3. Prinsipleriňize wepaly boluň. 4. Eglişige gitmekden ägä boluň. 5. «Ýok» diýmegi öwreniň. Geliň, olary tertip boýunça seljereliň. Birinjiden, öz abraýyňyzy goraň. Her bir adam dünýä inenden soňra oňa bir at sowgat berilýär. Bu kähalatda birnäçe at bolar. Wagtyň geçmegi bilen zenan ýanýoldaşynyň familiýasyny almagy mümkin, käwagt bolsa aýaly adamsy bilen familiýalaryny birikdirip, ikisinem bilelikde ulanmaklary mümkin. Bütin ömrüne lakamy bilen tanalýan adamlar hem bar. Käbir adamlar adyny üýtgetmek üçin kazyýete ýüz tutýarlar. Käbirleri ýazyjylyk ýa-da artistlik lakamlary bilen tanalýarlar. Ýöne, nähili at göterýänem bolsaňyz, abraýyňyza has uly ähmiýet berilmelidir. Abraý birkemsiz, şeksiz-şübhesiz, tegmilsiz bolmalydyr. Mümkin, bu bütin ömrüňize şeýle hem bolandyr. Bu gowy zat. Ýöne, geçmişde siziň abraýyňyza şek ýeten bolsa, ondan bu nogsanlykdan saplanmak üçin ähli tagallalary etmeli bolarsyňyz. Siziň adyňyz dogruçyllygyň we halallygyň nyşanyna öwrülmelidir. Siziň adyňyzyň sarpasy saklanylmalydyr. Bu siziň söwda belgiňizdir. Siziň abraýyňyz siziň ýüzüňizdir. Abraýyňzy siziň özüňizdir. Köpleriň biri bolup galmazlyk üçin ähli tagallalary etmelisiňiz. Siziň maksadyňyz, adyňyz tutulan badyna adamlaryň gözüniň öňüne üstünlikli adam geler ýaly etmekdir. Ýaňy-ýakyn taryhymyzdan adamlaryň ýatlarynda satylmak bilen bagly galan birnäçe ady ýadymyza salalyň. Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Newill Çemberlen, saýawanyny galgadyp 1938-nji ýylda Çehoslowakiýanyň ykbalyny kesgitlemek üçin Adolf Gitler bilen duşuşandan soň, Mýunhenden öýüne gaýdyp baranda, adamlaryň aňynda özüniň ýaraşdyryjy hökmünde galjagyna ynanypdy. Oňa derek, onuň ady satylmak we kapitulýant (boýun egmek) syýasaty bilen müdimi baglanyşykly bolup galdy. Ikinji jahan urşy döwri Norwegiýanyň milletçi partiýasynyň öňbaşçysy Widkun Kwisling öz ýurduna ikiýüzlülik edip, Gitlerden «baýrak» hökmünde syýasy häkimýeti ele alanda, bar abraýyny satdy. Şondan bäri «kwisling» sözi «ikiýüzli, dönük» sözi bilen manydaş bolup galdy. Beýleki bir tarapdan, ýene ýaňky ýakyn taryhymyzdan prinsiplere wepalylyk bilen aňymyzda baglanyşýan atlary ýadymyza salalyň. Karib gapma-garşylygy ýokary derejä ýeten döwri, amerikanlar sowetleriň gämilerini basyp almaga taýyn bolanlarynda, ABŞ-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Adlaý Stiwenson eglişik etmekden ýüz öwürýär we arkaýynlyk bilen: «Jenaplar, men bu ýerde hiç ýere gitmän, gijesi-gündizi bilen galmaga taýyn, ýöne hiç-haçan boýun bolmarys» diýipdir. Bu sözleri teleýaýlym arkaly ähli kişi diňleýär. Dünýäniň iň iri awtoulag korporasiýalarynyň hüjümine döz gelmeli bolan Ralf Neýder, «Korweýr» awtoulagynyň islendik tizlikde howpludygy baradaky düşünjesinden dänmekden kes-kelläm ýüz dönderýär. Ýurdumyzyň sürüjileriniň ählisi oňa munuň üçin çuňňur minnetdar bolmalydyr! Awtoulag söwdasy boýunça dünýä rekordyny saklaýan hem bolsam, gazanjyma ýaramaz täsir etse-de, «Korweýr» satmakdan ýüz öwürendigimi buýsanyp aýdýaryn. Müşderileriň ady agzalan awtoulagy satyn almazlygy üçin elimden gelenini etdim. Bolmanda, maňa-da abraý gerek ahbetin. Adyňyzyň beýige galýandygyna garamazdan, abraýyňyzyň garalanmagyna ýol bermäň. Onuň size miras galan iň gymmatly zatdygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Ikinjiden, iş salyşmaly adamlaryňyzy saýlaň. Şu nakyly hemmeler bilýän bolsa gerek: ýoldaşyň garga bolsa, iýmitiň poh bolar. Professional futboluň taryhynda iň ökde we meşhur ýarymgoragça, abraýy şübheli kafe-barlarda we şoňa meňzeş beýleki ýerlerde görünmegini bes etmese, futbol toparyndan kowuljakdygy barada duýdurylýar. Futbolçynyň boş wagtyny bile geçirýän ýoldaşlary Milli futbol ligasyna ýaramandyr, üstesine, bu professional futbolyň standartlaryna-da laýyk gelmeýän eken. Hut şeýle sebäpden, Amerikanyň Beýsbol ligasynyň iň ökde oýunçusynyň karýerasam tasdan-da tamamlanýardy. Gangsterleriň roluny ýerine ýetirmek bilen meşhurlyk gazanan Amerikanyň kinoaktýory, oýun biznesiniň peýdakeşleri bilen şübheli gatnaşyklarda güman edilýändigi sebäpli Angliýa barmak gadagan edildi. (dowamy bar).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir