17-nji aprelde Mary şäheriniň Mary – Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan kottejler toplumynyň I tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy. Şu gün ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 2 gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 59-sy ulanmaga berildi. Olaryň jemi 200 sanysyny gurmak meýilleşdirilýär diýip, TDH habar berýär. Täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyny «Ojar Aziýa» hususy kärhanasy ýerine ýetirdi. 536 inedördül metr meýdany eýeleýän her bir kottej 8 sany giň otagdan, ýerzeminden we awtoulaglar üçin duralgadan ybaratdyr. Şeýle hem daşarky suw, tebigy gaz we elektrik geçiriji hem-de telekommunikasiýa ulgamlary çekilendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir