SciTechDaily-de çap edilen makalada aýdylyşyna görä, Awstraliýanyň Pilbara sebitinde garynjanyň Garri Potter hakyndaky kitaplarda barlyşyksyz garşydaş Lord Wolan-de-Mortuň hormatyna Leptanilla voldemort (“Leptanilla woldemort”) diýlip atlandyrylan täze görnüşi tapyldy. Garynja Awstraliýanyň demirgazyk-günbataryndaky gurak sebitdäki ýerasty haýwanat dünýäsiniň gözlegleri geçirilen wagty tapyldy. Ol 25 metrlik skwažina ýerleşdirilen tor arkaly alyndy. L. woldemort aksowult reňkli we uzyn aýakly, ötgür äňli aşa syrdam garynja. Alymlar ony garaňkyda köpaýaklylary awlaýan ýyrtyjy diýip hasaplaýarlar. Günbatar Awstraliýa uniwersitetiniň alymy Mark Wong: "Kiçijik zähmetkeşler ýiti äňlerini we güýçli dişlerini toprakda ýaşaýan özlerinden has uly köpaýaklylary ysmaz etmek üçin ulanýarlar" – diýip belleýär. Garynjanyň bu görnüşi wekilleri ýerasty durmuşda ýaşan Leptanilla jynsyna degişlidir. Olar kör we reňksiz, bedenleriniň ölçegi bolsa 1-2 millimetrden geçmeýär, olary adaty göz bilen saýgaraýmak kyn. "Leptanilla woldemort" bu jynsa degişli garynjalaryň 60 görnüşiniň diňe biridir. Dünýäde garynjalaryň 14 000-den gowrak görnüşi bar. Ozal täze zelandiýaly alymlar ummanyň düýbünde ýaşaýan 100-den gowrak täze janly-jandary tapdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir