Western Digital kompaniýasy täze SanDisk Extreme Pro 4TB SD kartyny yglan etdi. Täze önüm noutbuklarda we foto enjamlarda ulanmak üçin niýetlenendir. SanDisk Extreme Pro Ultra High Speed-I interfeýsini ulanýar we 104 MB/s-e çenli maglumat geçiriş tizligini, şeýle hem iň azyndan 30 MB/s yzygiderli ýazgy tizligini üpjün edýär. Munuň özi wideony 8K durulykda ýazgy etmek üçin ýeterlik, bu karty hünärmenler üçin iň oňat saýlawa öwürýär. SanDisk Extreme Pro 4TB 2025-nji ýylda çykar diýlip garaşylýar. Birmeňzeş göwrümli 2 ТБ we MicroSD wersiýasy hem elýeterli bolar – olar 2024-nji ýylyň tomsunda satuwa çykarylar. Western Digital SDXC (Secure Digital Ultra Capacity) standartynyň ýat kartalaryny 128 TB çenli göwrümde döretmäge mümkinçilik berýändigini, geljekde has ýokary çözgütlere ýol açjakdygyny belleýär. 4 terabaýt SanDisk Extreme Pro-nyň bahasy entek yglan edilmedi. Şeýle-de bolsa, 1 terabaýt wersiýasynyň (140 dollar) bahasyny göz öňünde tutup, täze önümiň has gymmat düşmegine garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir