2029-njy ýylyň 13-nji aprelinde äpet Apofis asteroidi Ýere 32 000 kilometrden hem golaý aralykdan uçup geçer - bu Ýerden Aýa çenli uzaklygyň takmynan 1/10 bölegi, ýagny, geostasionar orbitadaky telekommunikasiýa hemralaryndan hem ýakyndyr. Bu gözegçilikleriň tutuş taryhynda iri kosmos obýektiniň planetamyza iň golaý gelmelerinden biri bolar. Apofis Ýewropanyň, Afrikanyň we Aziýanyň köp böleginden, şol sanda Türkmenistandan hem äp-äşgär görner. Asteroid 2004-nji ýylda tapyldy. Deslapky hasaplamalar onuň 2029-njy, 2036-njy ýa-da 2068-nji ýyllarda Ýer bilen çaknyşyp biljekdigini görkezdi. Mundan başga-da, çaknyşygyň netijeleri gaty weýrançylykly bolup bilerdi - Apofisiň ölçegleri takmynan inine 375 metr bolup, agramy 20 million tonna töweregi. Emma, alymlar asteroidiň traýektoriýasyny üns bilen öwrenip, onuň planetamyz bilen çaknyşmagynyň mümkin däldigini aýtdylar. Apofisiň Ýere ýakynlaşmagy ony öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Astronomlar bu pursatdan peýdalanyp, asteroidiň düzümi, görnüşi we orbitasy barada jikme-jik maglumatlary ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ýewropanyň kosmos gullugy (ESA) we NASA hem täze kosmos gämisini barlamak üçin bu hadysadan peýdalanarlar. Uçup gelýän wagty ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin Apofise tarap zondlar iberiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir