Huawei P seriýasynyň onlarça ýyllyk taryhyny soňlamak bilen, ýakyn wagtda çykjak flagman Pura 70 atly smartfon setiriniň ilkinji tizerini çykardy. Pura 70 seriýasy dört modeli öz içine alar: Pura 70, Pura 70 Pro, Pura 70 Pro + we Pura 70 Ultra. Ähli modeller güýçli prosessorlar, uly göwrümli RAM we içerki ýat, şeýle hem ýokary hilli kameralar bilen üpjün ediler. Görnüşinden çen tutsaň, smartfonda “bir uly we iki kiçi” kameraly we diod yşykly wspyşkaly üçburç kamera moduly bolar. Bu Pura 70 smartfonlaryna stil we tanadyjy görnüş berýär. Pura ady latynça "purus" sözünden gelip çykyp, "arassa" diýen manyny berýär. Bu, Huawei-iň gysby dizaýny we iň täze tehnologiýalary bolan smartfonlary döretmäge çalyşýandygyny görkezýär. Pura 70 -iň ýakyn wagtda resmi taýdan satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Häsiýetnamasy: Pura 70: 12 GB RAM, 512 GB ýat, reňkleri: gara (Feather Black), gök (Ice Crystal Blue), ak (Snowy White), benewşe (Roland Purple) Pura 70 Pro: 12GB RAM, 512GB / 1TB ýat, reňkleri: gara (Feather Black), ak (Snowy White), benewşe (Roland Purple) Pura 70 Pro +: 16 GB RAM, 512 GB / 1 TB, reňkleri: gara (Phantom Black), kümüşsöw (Light Woven Silver), ak (String White), Lezhen Edition Pura 70 Ultra: 16 GB RAM, 1 TB ýat, reňkleri: gara (Ceramic Black), ak (Ceramic White)

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir