15-nji aprelde dünýädäki iň abraýly marafon ýaryşlarynyň biri bolan 128-nji Boston marafony geçirildi. Bu ýyl efiopiýaly ylgawçy Sisaý Lemma (2:06:17) we keniýaly ylgawçy Hellen Obiri (2:22:37) ýeňiş gazandy. Bu barada “Çempionat” portaly habar berýär. 33 ýaly tejribeli marafonçy Lemma öz garşydaşlaryndan 5 sekunt öňe geçip, Bostondaky ilkinji titulyny gazandy. Ikinji orny onuň watandaşy Mohamed Esa eýeledi, liderleriň üçlügini Boston marafonynyň iki gezek ýeňijisi bolan (2022 we 2023) keniýaly ylgawçy Ewans Çebet jemledi. Zenanlar kategoriýasynda 5000 metr aralyga ylgamakda Olimpiadanyň baýrak eýesi we dünýä çempiony Obiri keniýaly Şaron Lokediden 8 sekunt öňe geçip, ynamly ýeňiş gazandy. Keniýadan 44 ýaşly Edna Kiplagat Lokediden 44 sekunt yza galyp, üçünji orny eýeledi. Umuman alanyňda, marafona 129 ýurtdan 29 451 adam gatnaşdy. Ýaryş ýolunyň rekordy üçin bonuslary göz öňünde tutup, ähli kategoriýalar üçin umumy baýrak gaznasy 1 214 500 dollar boldy. Boston marafony, adatça, aprel aýynyň üçünji duşenbesinde geçirilýär we dünýädäki iň gadymy marafonlaryň biri hasaplanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir