Aziýanyň Çempionlar ligasynyň birinji ýarym final oýnunda “Al-Aýn” öz meýdançasynda saud kluby “Al-Hilýaly” 4:2 hasabynda utdy. Ýeňijileriň düzüminde Sufian Rahimi het-trik bilen tapawutlandy, ol iki gezek penaltiden we bir gezek oýundan gol geçirdi. “Al-Aýnyň” ýene bir goluny penaltiden Alehandro Romero geçirdi. “Al-Hilýalyň” düzüminde Salem Al-Dawsari we Malkom tapawutlandy. Şeýlelikde, “Al-Hilýal” özüniň ähli ýaryşlarda yzygider 34 ýeňişli oýundan ybarat dünýä rekordyny täzeläp bilmedi. Bu toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy 23-nji aprelde Saud Arabystanynda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir