70 kg çenli agram derejesinde UFC-niň häzirki çempiony russiýaly Islam Mahaçew UFC 302 ýaryşynda amerikaly Dastin Porýe bilen söweşde altyn ellikli çykyş eder. Ol promouşeniň taryhynda söweşi altyn reňkli ellikde geçirjek ilkinji söweşiji bolar. Bu barada championat.ru habar berýär. Täze model gatylygynyň pesligi, şeýle-de manžetiň eliň bilegine berk ysnyşyp durmagy bilen tapawutlanýar. Bu bilegi şikes ýetmekden goramaga mümkinçilik berer. Şeýle-de, UFC-niň 300-nji belgili ýubileý ýaryşyndan öň anons eden täze ellikleriniň urgy üçin ulanylýan arka tarapy indi tikinsiz tehnologiýa boýunça taýýarlanýar. Täze ellikler öňkülerden, takmynan, 28 gram ýeňildir. Üns berseňiz, indi her ellik reňkiniň öz manysy bar. Altyn ellikler titul söweşleri üçin niýetlenýär. Adaty gara ellikler adaty söweşlerde ulanylar. Dana White Contender Series şouwynda söweşýän söweşijilere gök ellikler berler. The Ultimate Fighter-iň gatnaşyjylaryna bolsa başga ýazgyly we başga gara öwüşginli ellikler berler. Road to UFC-ä gatnaşyjylar bolsa gyzyl ellik geýerler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir