“Golden Boy” baýragyny gowşurýan Tuttosport neşiri 100 dalaşgärden ybarat sanawy hödürledi. Sanawda birinji orny “Barselonanyň” oýunçysy Lamin Ýamal eýeledi. Ikinji orunda “Benfikanyň” ýarym goragçysy Žoau Neweş ýerleşdi. Ilkinji üçlügi “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy Alehandro Garnaço jemledi. Şeýle-de, dalaşgärleriň ilkinji bäşligine “PSŽ-den” Warren Zair-Emri we “Lillden” Leni Ýoro girdi. Bu baýrak 2003-nji ýyldan bäri berilýär. Ol her ýyl Ýewropa çempionatlarynyň biriniň ýokary diwizionynda çykyş edýän 21 ýaşdan kiçi futbolçylara gowşurylýar. 2023-nji ýylda baýraga Madridiň “Realynyň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Jud Bellingem mynasyp boldy. Dürli ýyllarda “Golden Boy” baýragyny Lionel Messi, Serhio Aguero, Rahim Sterling, Ueýn Runi, Sesk Fabregas, Isko, Mario Balotelli, Mario Getse, Pol Pogba, Kilian Mbappe, Erling Holand aldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir