FotoLab ykjam goşundysy islendik suraty telefon çehollaryna çap etmek hyzmatyny hödürleýär. Bu ykjam goşundynyň üsti bilen isleýän çeholyňyzy ONLAÝN görnüşde sargyt edip bolýar. Munuň üçin bar gerek zat – telefonyň modelini saýlamak we haýsy suraty çap etmek isleýändigiňizi karar bermek. Suratly çehollar telefona özboluşly görnüş berýär, onuň aýratynlygyny görkezýär. Şeýle hem telefony çyzylmakdan ýa-da tötänleýin zeper ýetirmekden goraýar. Galyberse-de, surat çap edilen çehollar dostuňyza ýa-da ýakynlaryňyza özboluşly ýakymly sowgat bolar. Nädip sargyt etmeli: Ykjam goşundyny şu salgylardan telefonyňyza gurnaň: Android ýa-da iOS; Baş sahypada “Çeholda çap etmek” bölüme giriň; Telefonyňyzyň modelini saýlaň; Öz dizaýnyzy ýa-da taýýar şablonlardan saýlaň; Harydy sebede goşuň we sargyt ediň! Telefonyňyz üçin öz suratyňyzy hem, ykjam goşundyda hödürlenilýän suratlary hem saýlap bilersiňiz. Şeýle hem dürli kategoriýalarda: awtoulaglar, sitatalar, haýwanlar, multfilmler we ş.m. taýýar şablonlardan saýlap bilersiňiz. Şeýle-de öz logotipleriňizi çap etdirip bilersiňiz. Sargyt eden çeholyňyz 1-2 günüň dowamynda taýýar bolar. Çap etmekde diňe ýokary hilli materiallar hem enjamlar ulanylýar. Has giňişleýin öwrenmek üçin wideo serediň. Arzuw edýän çeholyňyzy ŞU GÜN sargyt ediň!

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir