Olimpiada – 2024-de ABŞ-nyň milli basketbol ýygyndysyna MBA-nyň Lebron Jeýms, Stefen Karri we Kewin Dýurant ýaly meşhur oýunçylary wekilçilik eder. Bu barada ESPN habar berýär. 36 ýaşly Karri üçin bu karýerasyndaky ilkinji Olimpiada bolar. 39 ýaşly Jeýms eýýäm 2008 we 2012-nji ýyllarda altyn, 2004-nji ýylda bürünç medal gazandy. MBA-nyň finalynyň iki gezek iň gymmatly oýunçysy (MVP) bolan Dýurant taryhda Oýunlaryň dört altyn medalyny gazanan ilkinji basketbolçy bolup biler. Şeýle-de, amerikan ýygyndysynyň düzümine Joel Embiid (2023-nji ýylda MBA-nyň iň gymmatly oýunçysy), Entoni Dewis, Dewin Buker, Entoni Edwards, Jeýson Teýtum, Jru Holideý, Bem Adebaýo we Taýriz Haliberton girdi. Ýene bir ýer boş galar. ABŞ-nyň ýygyndysynyň türgenleşikleri iýul aýynda geçiriler. Basketbol boýunça Olimpiýa ýaryşy 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda geçiriler. ABŞ-nyň milli ýygyndysy sportuň bu görnüşinde agalyk edijidir. Amerikan basketbolçylary Oýunlarda 16 gezek, şol sanda 1936-njy ýylda, ýagny basketbol boýunça ýaryş Berlindäki tomusky Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek peýda bolanynda altyn medal gazandylar. ABŞ-nyň basketbolçylary Olimpiýa ýaryşlarynda diňe dört gezek birinji orny alyp bilmediler – 1972 we 1988-nji ýyllarda SSSR-iň milli ýygyndysy, 2004-nji ýylda Argentinanyň milli ýygyndysy, 1980-nji ýylda Ýugoslawiýa ýeňiş gazandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir