Aziýanyň Çempionlar ligasynyň 1/2 finalynyň “Al-Aýn” bilen “Al-Hilýal” toparlarynyň arasyndaky ilkinji oýny yza süýşürildi. Bu barada AFK-nyň Çempionlar ligasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, Sport24 habar berýär. Oýun 16-njy aprelde Al-Aýnda geçmelidi, ýöne ýaramaz howa şertleri sebäpli ony bir gün yza süýşürmek kararyna gelindi. BAE-niň dürli sebitlerinde tupan we doly bilen güýçli ýagyş ýagýar, şeýle-de güýçli ýel öwüsýär. Köp ygallaryň netijesinde birnäçe ilatly ýerleri suw basdy. Oýun çarşenbe güni, 17-nji aprelde Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir