Krakowda (Polşa) arheologlar özboluşly bir artefakt - XVIII asyryň ýüňden we metaldan ýasalan protezini tapdylar. Enjam towşan dodak adama has rahat ýaşamaga kömek edipdir. Bu barada “Haýtek” neşiri belläp geçýär. Protez 2017-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleri wagtynda Krakowdaky Keramatly Fransis kilisesindäki guburdan tapyldy. Ol takmynan 50 ýaşynda ölen adamyň äňleriniň arasynda ýerleşýärdi. Towşan dodak diýlip hem atlandyrylýan taňlaý şikesi düwünçejigiň ösüşi wagtynda taňlaýyň ýa-da ýokarky äňiň ösmän galmagy netijesinde ýüze çykýan dogabitdi kemçilikdir. Häzirki wagtda bu ýagdaýy operasiýa arkaly üstünlikli düzedip bolýar. Emma 300 ýyl mundan ozal ýaşan adam beýle kömegi alyp bilmändir. Gözlegçileriň palatal obturator diýip atlandyrýan tapyndy protezi demir plastinka tikilen ýüň gatlakdan durýar. Onuň uzynlygy 3,1 sm, agramy 5,5 gr. Geçirilen derňew metalda altynyň we misiň bardygyny görkezdi. Gözlegiň netijeleri Journal of Archaeological Science: Reports žurnalynda çap edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir