iPhone-da betpäl adamlara gurluşy iMessage arkaly döwmäge mümkinçilik berýän howply gowşaklyk tapyldy. Eksploýt ulanyjydan hiç hili hereketi, hatda şübheli salgylanmalara geçmegi-de talap etmeýär diýip, Mail.ru belleýär. Gowşaklyk baradaky maglumat Trust Wallet kripto-gapjygynyň X sosial ulgamyndaky habarynyň netijesinde belli boldy. Trust Wallet-iň hünärmenleri bu mesele barada Apple kompaniýasyna eýýäm habar berdiler we kompaniýa düzedişleriň üstünde işleýär. Trust Wallet iPhone-y goramak üçin iMessage-y wagtlaýyn öçürmegi maslahat berýär. Munuň üçin “Sazlamalary” açmaly we “Habarlar” bölümini saýlamaly, “iMessage” punktyny tapyp, onuň gapdalyndaky slaýderi işjeň däl ýagdaýa geçirmeli. Apple-iň täze howpsuzlyk programma serişdesi hem tiz wagtda çyksa gerek.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir