UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt promouşeniň geljekki iki möhüm wakasyny resmi taýdan yglan etdi. Bu barada FightTime.ru habar berýär. 1-nji iýunda Nýuark şäherinde geçiriljek UFC 302 ýaryşynda Islam Mahaçew amerikaly Dastin Porýe garşy söweşde ýeňil agramda çempion titulyny gorar. Şol gün agşamyň ýene bir esasy wakasynda Şon Striklend bilen Paulo Kosta duşuşar. 29-njy iýunda Las-Wegasda geçiriljek UFC 303 ýaryşynda iki agram derejesinde promouşeniň eks-çempiony Konor Makgregor oktagona gaýdyp geler. Irlandiýaly ýarym orta agramda Maýkl Çendlere garşy söweş geçirer. Promouşeniň ýolbaşçysy bu söweşler barada Paradaýs şäherinde (Newada ştaty, ABŞ) geçirilen UFC 300 ýubileý ýaryşyndan soň metbugat maslahatynda mälim etdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir