Türkmenistandan "Galkan" hokkeý kluby Aşgabatda şu gün badalga alan hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň birinji tapgyrynda Bahreýnden «Bahrain Ice Hockey Club» toparyny 8:1 hasap bilen ýeňdi. "Galkanyň" hokkeýçileri oýnuň 3-nji minudynda hasaby açdylar, birinji ýarymyň ahyrynda bolsa 5:0 utup gelýärdiler. Ikinji ýarymda bahreýnliler aratapawudy azaldyp bildiler, emma üçünji ýarymda hasap 8:1-e ýetdi. Toparlaryň ikisi hem A toparda çykyş edýär. Ýaryş 20-nji aprele çenli dowam eder. Birinji oýun gününiň beýleki netijeleri: А topar: «Feniks» (Özbegistan) – «Oman Nationals» (Oman) - 11:3 B topar «Aqmola» (Gazagystan) – «Team-Turkiye» (Türkiýe) - 5:3 «ADIHIC-Kazan» (Tatarystan Respublikasy, RF) – «Dordoi» (Gyrgyzystan) - 8:3

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir