15-nji aprelde Daşkentde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” strategiki dialogynyň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygynyň maksatnamasynyň çäklerinde goňşy ýurtda bolan Türkmenistanyň daşary işler ministri, wise-premýer Raşid Meredowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk barada özbek lideriniň saýtynda habar berildi. Gepleşikleriň dowamynda özbek-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara haryt dolanyşygynyň ösüşini, “Şawat-Daşoguz” söwda zolagynyň döredilmegini, şeýle-de senagat kooperasiýasy, energetika, ulag we logistika, oba hojalygy pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler. Sebitara gatnaşyklary we medeni-ynsanperwer alyş-çalyşlary giňeltmäge aýratyn üns berildi. Şu ýyl Özbegistanda şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly birnäçe çäreler geçiriler. Şeýle-de, geljekki duşuşyklara ýokary derejede taýýarlygyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tertibini düzmek meselesi maslahatlaşyldy. Sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir