Barselonadaky ATP-500 ýaryşynyň iki gezek çempiony ispaniýaly Karlos Alkaras şu ýyl sag elindäki şikes sebäpli ýaryşda çykyş etmez. Bu barada ATP-niň metbugat gullugy habar berdi. Mundan öň, 20 ýaşly ispaniýaly Monte-Karlodaky “Masters” ýaryşyndan çekildi. Şu möwsümde Alkaras 15 ýeňiş gazanyp, dört ýeňlişe sezewar boldy we Indian-Uellsde geçirilen “Masters” ýaryşynda ýeňiji boldy. Öň, Monte-Karlodaky ýaryşdan çekilen beýleki ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal Barselonada çykyş eder. Baýrak gaznasy tas 2,8 mln ýewro bolan ýaryş 15-nji aprelden 21-nji aprel aralygynda geçirilýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir