Litwaly Mikolas Alekna Ramonada (Oklahoma ştaty) geçirilen ýaryşlarda disk zyňmak boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada X sosial ulgamynda Bütindünýä ýeňil atletika assosiasiýasy habar berdi diýip, RBK ýazýar. “Miolas Alekna 74,35 m aralyga disk zyňmak bilen erkekleriň arasynda dünýä rekordyny täzeledi” – diýlip, habarda aýdylýar. Ol 1986-njy ýylda germaniýaly ýeňil atletikaçy Ýurgent Şult tarapyndan goýlan rekordy (74,08 m) täzeledi. Mikolas Alekna 21 ýaşynda. Ol 19 ýaşynda 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda kümüş medal gazanyp, taryhda dünýä çempionatynyň disk zyňmak boýunça iň ýaş medalçysy boldy. Şol ýyl ol Ýewropa çempiony boldy, 2023-nji ýylda bolsa 68,85 m netije bilen dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir