Ýylsaýyn baýlygy milliardlarça dollardan geçýän mirasdüşerleriň sanawy barha uzalýar. Bu sanawa öz baýlygyny artdyrmak üçin yhlasly zähmet çekýänler hem, şeýle-de maşgala biznesini dolandyrmakdan çekilip, ony üçünji şahslara ynanýanlar hem girýär. “Forbes” žurnaly 2024-nji ýylda dünýäniň iň baý mirasdüşerleriniň sanawyny düzdi. Reýtingiň ilkinji onlugyna şular girdi: Mukeş Ambani – 116 mlrd dollar baýlygy bolan hindistanly maýadar; Fransuaza Betankur-Maýers (Fransiýa) – 99,5 mlrd dollar baýlygy bolan L’Oreal-yň iň uly paýdary; Jim Walton – 78,4 mlrd dollar baýlygy bolan Walmart-yň amerikaly paýdary Rob Walton – 77,4 mlrd dollar baýlygy bolan Walmart-yň amerikaly paýdary, Jim Woltonyň dogany; Elis Walton – 72,3 mlrd dollar baýlygy bilen Walton maşgalasyndan Walmart-yň paýdary; Dewid Tomson – 67,8 mlrd dollar baýlygy bilen kanadaly mediamagnat; Juliýa Koh – 63,4 mlrd dollar baýlygy bilen Koch Industries-iň amerikaly eýesi; Jowanni Ferrero – baýlygy 43,8 mlrd dollar bolan Nutella konditer kompaniýasynyň italiýaly eýesi; Mark Mateşis (Awstriýa) – 39,6 mlrd dollar baýlygy bolan Red Bull kompaniýasynyň esasy paýdary; Jon Mars – 38,5 mlrd dollar baýlygy bolan amerikaly milliarder. Konditer önümlerini we öý haýwanlary üçin iýmleri öndürýän köpugurly imperiýanyň eýesi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir